Saçyňy ösdirýän maska.
Käbir adamlaryň saçlary haýal ösýär ýa-da ösmeýär. Esasan hem gyzlaryňky.Bu käbir sebäplerden bolýar ýagny, witamin ýetmezçiligi , gowy kadaly iýmitlenmezlik, ýa-da genetiki sebäplere göra...Men bu ýerde size saçyňyzy çalt ösdürmäge kömek etýän saç maskasyny aýtmakçy.Bu maskany etmek üçin her bir türkmen öýlerinde bolýan bürünç we suw gerek.
1.Birinji etmeli zadymyz : 1 adaty bakal bürünji bir gaba guýmaly.
2.Onuň üstine 2 bakal suwy guýmaly we çemçe ýa eliňiz bilen bulamaly ( bürünjiň ak reňki çykýança).
3.Soňra bürünçli suwumyzy 1 gün garaňky ýerde agzyny yapyp saklamaly ( 1-2 sagada çenli hem saklasaň bolýar , ýöne 1 gün saklasaň has gowy peýdasy bolýar).
4. 1 günden soň suwy saçyňyza çalmaly ( esasanam saçyň düýplerine)munyň üçin şu ýokardaky ýaly çüýşelemizi ulanp bilers.
5. Gowy saçyňyza sepeniňizden soňra (doly saçyňyzy öllemeli) saçyňyza paket ýa şoňa meňzeş zat bilen kelläňizi örtmeli.
6. 1-3 sagada çenli saklamaly we saçyňyzy ýuwmaly, ýuwup bolanyňdan soňra bürünç suwundan galan bolso saçyňyza guýmaly (durulap bolup iňsoňynda guýmaly)
7.Hepde-de 2 gezek etmeli.
Bu maska saçyň ösmegine kömek edýär . Bürünç suwy köp zada peýdasy badyr we şunlykda saça hem peýdasy gaty ulydyr. Ýene-de şular ýaly maglumatlar isleýän bolsoňyz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa komentariýa ýazmagy unutmaň .

Комментарии
Отправить комментарий